JEMGYÝET

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan: energetika ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan görnüşinde üçtaraplaýyn birinji döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň duşuşyklary geçirildi.

“Bagtyýar” myhmanhanasynda 3 doganlyk ýurduň energetika ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez hem-de Azerbaýjanyň Respublikasynyň energetika ministri Parwiz Şahbazow arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşykda 3 ýurduň arasynda ýangyç-energetika we elektrik energetikasy pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýede gelen gelen wekiliýet agzalary Türkmenistan we Azerbaýjan bilen bu ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary babatda özleriniň tekliplerini hödürlediler.

Duşuşykdak soňra Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow habarçylara beren beýanatynda üçtaraplaýyn energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşandyklary belläp, hem Türkmenistan hem-de Türkiýe bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyklarynyň bardygyny belledi.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler