JEMGYÝET

Türkmenistan täze döwre gadam basýar

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi bilen ýurdumyz täze döwre gadam basdy. Bu mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti döwlet ösüşiniň her bir tapgyryny at bermek däbiniň bardygyny belläp, täze döwre hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde bu barada şeýle diýdi:

– Siziň bilşiňiz ýaly, biz Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň her bir tapgyryna at berýäris. Soňky ýyllarda ýurdumyz ösüşiniň döwürlerini — Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni üstünlikli durmuşa geçirdi. Bu döwürleriň her biri biziň taryhymyzda öçmejek yz galdyrdy.

Biz ata Watanymyzyň ösüşiniň indiki döwrüni nähili atlandyrmaly? Elbetde, bu her birimiziň mähriban halkymyza, mukaddes Watanymyza, öz öňümizde goýýan belent maksatlarymyza we ýetýän täze belentliklerimize egsilmez söýgimiz bilen gönüden-göni baglydyr.

Ýakyn ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin ähli esaslar we mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde Türkmen döwleti öz halkynyň geljeginiň hatyrasyna ösüşiň şeýle belentliklerine tarap ynamly barýar. Biz bu ugurda işjeň tagallalary ederis. Şu belent maksatlara laýyklykda, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrsak, örän ýerlikli bolar diýip pikir edýärin.

 

Ilkinji gezek 83 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy