DÜNÝÄ

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy (ş Stambul) türk tarapynyň çakylygy boýunça Gazagysgtanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbeýjanyň konsullyklarynyň we ýerli häkimýetiň edaralary bilen bileleikde Bahçeşir Uniwersitetiniň çäginde halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp medeni çärelere gatnaşdy.

Bu çäräniň çäginde Nowruz baýramyny belleýän döwletleriň medeni çykyşlary, milli amaly-haşam sungatynyň we medeni miraslarynyň hem-de tagamlaryň sergileri geçirildi. Baýramçylyk çärä gatnaşýan diplomatlar hem öz çykyşlarynda Nowruzyň parahatçylyk, agzybirlik we dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny aýratyn ähmiýet berdiler.

Türkmenistanyň Baş Konsullygy we türkmen talyp ýaşlary tarapyndan taýýarlanan stendinde bu çärä gelen myhmanlara türkmen el halylary, milli egin-eşikler, milli şaý-sepler, kitaplar hem-de milli ýadygärlik sowgatlary türkmeniň baý medenýetini ýakyndan tanyşmaga mümkünçilik berdi.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bu çäre Nowruzyň diňe bir milli baýramçylyk bolman, eýsem, halkara derejesinde medeni köpri döredýändigini şaýatlyk etdi. Nowruzyň agzybirlik we dostluk ruhuny dabaralandyrýan bu dabaralar geljekde hem dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar