«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň şu gün paýtagtymyzda geçiriljek AFK-nyň Kubogynyň toparçadaky ikinji duşuşyklaryny — «Merw» ― «Abdyş-Ata» hem-de «Altyn Asyr» ― «Rawşan» jübütleriniň oýunlaryny göni ýaýlymda görkezjekdigini «jankoyer.com.tm» habar berdi.
Duşuşyklaryň ikisi hem «Aşgabat» köpugurly stadionynda ýaýbaňlandyrylar. «Merw» ― «Abdyş-Ata» jübütiniň oýny 17:00-da başlanar. «Altyn Asyr» ― «Rawşan» jübütiniň arasyndaky duşuşygyň başlanýandygyny yglan edýän jürlewük sesi bolsa 21:00-da ýaňlanar.
Türkmen toparlarynyň ikisi AFK-nyň Kubogynyň «E» toparçasynda çykyş edýär. Häzirlikçe bu toparçada Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» topary öňde barýar. Bu topar 3 utuga eýelik edýär. «Merw» bilen Täjigistanyň «Rawşanynyň» bolsa her birinde 1 utuk bar.
Türkmenistanyň futbol toparlarynyň bu duşuşyklary Täjigistanyň «Warziş» we «Futbol HD» teleýaýlymlarynda hem göni ýaýlymda görkezilmegine garaşylýar.