SPORT

«Türkmenistan: Sport»: türkmen toparlarynyň duşuşyklary göni ýaýlymda berler

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň şu gün paýtagtymyzda geçiriljek AFK-nyň Kubogynyň toparçadaky ikinji duşuşyklaryny — «Merw» ― «Abdyş-Ata» hem-de «Altyn Asyr» ― «Rawşan» jübütleriniň oýunlaryny göni ýaýlymda görkezjekdigini «jankoyer.com.tm» habar berdi.

Duşuşyklaryň ikisi hem «Aşgabat» köpugurly stadionynda ýaýbaňlandyrylar. «Merw» ― «Abdyş-Ata» jübütiniň oýny 17:00-da başlanar. «Altyn Asyr» ― «Rawşan» jübütiniň arasyndaky duşuşygyň başlanýandygyny yglan edýän jürlewük sesi bolsa 21:00-da ýaňlanar.

Türkmen toparlarynyň ikisi AFK-nyň Kubogynyň «E» toparçasynda çykyş edýär. Häzirlikçe bu toparçada Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» topary öňde barýar. Bu topar 3 utuga eýelik edýär. «Merw» bilen Täjigistanyň «Rawşanynyň» bolsa her birinde 1 utuk bar.

Türkmenistanyň futbol toparlarynyň bu duşuşyklary Täjigistanyň «Warziş» we «Futbol HD» teleýaýlymlarynda hem göni ýaýlymda görkezilmegine garaşylýar.

Related posts

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

“US Open”: 16 ýyldan soňra rus türgeniň üstünligi

Ata Watan Eserleri

Mareska “Çelsi” toparyna tälim berer