SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19: Türkmenistan sanjym satyn alar

Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym satyn almak we ýurda getirmek barada meýilnama taýýarlandy. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu meýilnama esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen koronawirus ýokanjyna garşy beýleki ýurtlarda öndürilen  sanjymlaryň önümçilik tejribesini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Meýilleşdirilen çäreleriň arasynda COVID-19-a garşy sanjym satyn almak, bu sanjymy Türkmenistana getirmek we bellige almak üçin zerur resminamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, degişli edaralar tarapyndan tapgyrlaýyn sanjym üçin ilatyň arasynda töwekgelçilik toparlaryny kesgitlemek, sanjym edilenleriň ýazgylaryny ýöretmek, sanjym pasportynyň elektron görnüşini üpjün etmek, sanjym netijelerine yzygiderli gözegçilik etmek babatda degişli işleri geçirmek meýilleşdiriler.

COVID-19-a garşy sanjymyny satyn almak, ýurda getirmekk, şeýle hem sanjymlary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça işleriň esasy bölegi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilleşdirilýär.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Makul Sözlük: Akylly Sözlük

Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy