JEMGYÝET

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmakda öňdebaryjy ýurt

Şu gün paýatgtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela Aşgabada geldi.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sebitleýin maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasayr Mähri Bäşimowa, Özbegistanyň adalat ministri Akbar Taşkulow, Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklayr boýunça komissiýasynyň sekretary Aliýa Ehlasowa, Gyrgyzystanyň Ombudsmeniň orunbasary Janibek Žorobaýew, Täjigistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ismatullo Nasredin, şeýle hem BMG-niň Türkmen’standaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko we guramanyň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine yzygiderli eýerýändigi belläp geçdi.

Şeýle hem Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň kabul edilmegi möhümdigi bellenilip geçildi.

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela raýatsyzlygyň soňuna çykmak  boýunça #IBELONG atly Kampaniýanyň üstünlikli tamamlanandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurdaky gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi.

Şeýle hem maslahatda raýatsyzlygyň soňyna çykmak babatda Merkezi Aziýada soňky ýyllarda gazanan üstünlikler bellenilip geçildi.

2014-nji ýylda kabul edilen raýatsyzlygyň soňuna çykmak babatda “#IBELONG” kampaniýanyň üstünlikli tamamlanyp, bu 10 ýyllyk döwürde Merkezi Aziýada, hususan-da Türkmenistanda görnetin üstünlikleriň gazanylandygy beýan edildi.

Sebitleýin maslahatyň çäklerinde 10 ýyllyk “#IBELONG” kampaniýasy boýunça Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gazanan üstünlikleri wideoýazgylar esasynda görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2011-nji ýylda 1954-nji ýylda kabul edilen apatridleriň derejesi boýunça konwensiýa, 2012-nji ýylda bolsa, 1961-nji ýylda kabul edilen raýatsyzlygy azaltmak boýunça konwensiýa goşuldy.

Türkmenistan döwletimiz raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça uly üstünlikler gazanyp, 2005-nji ýyldan bäri 32000-den gowrak raýatsyzlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär