JEMGYÝET

Türkmenistan parlamentara forumy geçirer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa çykyş etdi.

Milli Geňeşiň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentara assambleýasynyň 53-nji mejlisine gatnaşdy. Russiýa Federasiýasyna bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredýändigi barada aýdyldy.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara forumy Türkmenistanda geçirmek bilen bagly pikir alyşmalaryň bolandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu babatda ýurdumyzda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri, toplanan oňyn tejribäni dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz parlamentara forumy Türkmenistanda geçirmek baradaky teklibi makullap, bu çäräniň guramaçylyk işlerini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de birnäçe tabşyryklary berdi.

 

“Lukoýl”: Hazar giňişligi boýunça täze taslamalary teklip etdi

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri