DÜNÝÄ

Türkmenistan-Özbegistan: senagat we oba hojalygynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy. Bu barada ozal hem habar beripdik.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Daşkent şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde “Tehnopark” önümçilik toplumynda Özbegistanyň oba hojalyk we senagat mümkinçiliklerine bagyşlanan sergi guraldy. Sergä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow aýlanyp gördi. Bu barada Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Hökümet wekiliýeti himiýa, nebitgaz, farmasewtika, elektrotehnika, dokma, ýüpekçilik, deri-aýakgap önümçiligi ýaly pudaklaryň diwarlyklaryny aýlanyp gördi. Şeýle hem türkmen wekiliýetine oba hojalygynyň dürli ugurlary: gök-bakja önümleri, ýyladyşhana hojalygy, tohumçylyk, ýeralma hojalygy, guşçulyk, balykçylyk hem-de maldarçylyk barada maglumat berildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýetine “Tehnopark” önümçilik toplumynyň senagat kuwwaty barada giňişleýin maglumat berildi.

Şeýle hem, türkmen tarapyna Özbegistanda ykdysady pudaklaryň ösüşini höweslendirmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi. Iki ýurduň kärhanalarynyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, geljegi uly ugurlarda tejribe we tehnologiýalary alyşmak üçin amaly çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan hem kabul edildi.

 

Ýurdumyz boýunça oba hojalyk ekinleri barada maglumat

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar