DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystanyň ösüşi üçin tagalla edýär

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” çäklerinde ministrler derejesindäki IX maslahaty geçirildi. Bu ýokary derejedäki maslahata Stambul prosesine goldaw berýän ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine berk ygrarly bolup durýandygy ýene-de bir gezek mälim edildi. Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň şol bir geosyýasy we geo-ykdysady giňişlikde ýerleşýändigi nygtaldy.

Ykdysadyýetiň energiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ýaly ugurlarynyň Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähmiýetine düşünip, Türkmenistan häzirki wagtda iri halkara infrastruktura taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirilmegi üçin işjeň iş alyp barýar. Bu ugurda ilkinji nobatda, TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileri, Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň çekilmegi ýaly taslamalar möhüm ähmiýete eýedir.

Hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işjeň işleýär. Muňa aýdyň mysallaryň biri “Lapis Lazuli”  geçelgesidir.

Türkmenistan Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek maksady bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gurluşlaryň çäginde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ähmiýet berýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Duşanbe jarnamasy kabul edildi.

 

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy berkidilýär

Ýene-de okaň

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi