DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystanda TOPH taslamasyny ara alyp maslahatlaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Owganystanyň Hyrat şäherinde saparda bolup, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisi taslamasy boýunça işleri işjeňleşdirmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada Owganystanyň “Pajhwok Afghan News” internet neşiri habar berýär.

Hyradyň Söwda-senagat edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky topar Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary bilen TOPH taslamasy boýunça gepleşikler geçirdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu halkara energetika taslamasynyň Türkmenistandaky böleginiň şu ýyl tamamlanjakdygyny belläp, gaz geçirijisiniň Owganystan bölegindäki işleriň badalga aljakdygyny belledi.

Hajiýew Hyradyň we beýleki şäherleriň gaz paýlaýjy ulgamyna ünsi çekip, Owganystanyň käbir welaýatlarynyň TOPH gaz geçirijisi arkaly gaz alyp biljekdigini belledi.

Hyradyň söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Muhammed Ýunis Kazizadetaslama bilen baglanyşykly tehniki meseleleriň geljekde hyzmatdaşlyk we goldaw üçin hususy pudak bilen ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny aýtdy.

 

Türkmenistan bilen Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdüriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy