Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýar. Bu barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanda häzirki täze häkimiýet babatda oýlanyşykly, hakyky ýagdaýdan ugur alýan syýasaty alyp barýar. Şeýle hem bu ýurduň täze häkimiýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeleri nazara alyp, dialogy saklaýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzajak elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy bar.
Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini hem berip gelýär. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şeýle kömegiň geljekde-de üýtgewsiz dowam etdiriljekdigini nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Milli Liderimiziň telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary goldady.