JEMGYÝET

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berer

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu babatda teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, bu meselede Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýdi.

Gahryman Arkadagymyz şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we haýyrly işleriň goňşy halka goldaw bermekde öz beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halky taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary döredipdirler, olaryň häzirki döwürde dowam etmegi bolsa sogap işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary