JEMGYÝET

Türkmenistan-Mongoliýa: 14 resminama gol çekildi

Hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Ulan-Batorda iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuh bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Mongoliýanyň wekiliýet agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyklara gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösürmek babatda bilelikdäki topary döretmek göz öňünde tutulýar. Bilelikdäki topar dörediler we her iki ýyldan bir gezek ykdysadyýet, söwda, ylym, tehnologiýa, ýokary bilim, azyk, oba hojalygy we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk babatda geňeşmeler geçiriler.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda orta möhletde hyzmatdaşlyk etmek babatda 2026-2028-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ugurlary kesgitlendi.

Mundan başga-da, gol çekilen resminamalara laýyklykda, ýeňil senagaty, ylym-bilim, Ylymlar akademiýasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlyklar ösdüriler.

Aşgabat bilen Ulan-Batoryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlar. Bulardan başga-da, iki döwletiň habarlar gulluklarynyň arasynda hem hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ylalaşyk gazanyldy.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (28-sany)

Ata Watan Eserleri

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi