JEMGYÝET

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Bu dialogyň esasy maksady sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.

Bu sammitde çykyş eden hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

– Adam mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Merkezi Aziýa ýaş we okgunly ösýän, bilim, ylym, tehnologiýalar, ynsanperwer alyşmalar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ilatyň jemlenen sebitidir. Türkmenistan Ýaponiýa bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi häzirki wagtda ýapon dilini öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň, talyplaryň we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýäris. Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip edýäris. Biziň ýurtlarymyzyň zenanlarynyň giň ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bu teklibiň baş maksadydyr, diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy