Eýran Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen Tähran şäherinde Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Tajigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Eýranyň ulag düzüminiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ulag forumy geçirildi. Oňa Russiýanyň hem-de Azerbaýjanyň wekilleri hem gatnaşdy.
Iki gün dowam eden forumyň jemleri boýunça ýükleriň üstaşyr geçirilmegi babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki beýannama gol çekildi.
“IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Eýranyň ýol we şäher ösüşi boýunça ministri Rostam Gasemi bilelikdäki beýannama gol çekilenden soňra eden çykyşynda sebitdäki ýagdaýlar nazarda tutulyp, üstaşyr ýük gatnawynyň möhüm bolup durýandygyny belledi.
Ol şeýle maslahatyň alty aýda bir gezek geçiriljekdigini belläp, ýurtlaryň wekilleri ulag we üstaşyr geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hem-de bu ugurdaky işleri utgaşdyrmak üçin konstruktiw çözgütleri kabul edendiklerini belledi.
Şeýle hem Eýranyň ministri maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň ulag düzüminiň wekilleri üstaşyr ýük gatnawynyň ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, üstaşyr ýük gatnadýan ulaglaryň sürüjilerine bir ýyllyk wiza bermegiň we tarifleri bir nusga getirmegiň hem zerur bolup durýandygyny mälim edendiklerini belledi.
Ol Eýranyň Prezidentiniň hem üstaşyr ýük gatnawyna möhüm ähmiýet berýändigini belläp, Eýranyň üstaşyr ýük geçirijiligini 20 million ýüke getirmek mümkinçiligine eýedigini aýtdy.