BIZNES

Türkmenistan manat serişdelerine Russiýadan gurluşyk armaturasyny satyn aldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy 16,8 million manat bolan 13 geleşik baglaşyldy. Bu barada bıržanyň saýtynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi 7,5 million manatda Russiýaly satyjylardan А500С görnüşli gurluşyk armaturasynyň 500 tonnasyny satyn aldy. Gurluşyk armaturasynyň her bir tonnasynyň bahasy 15 müň manat bilen bahalandyryldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçi jemi 1 million manada granulirlenen tehniki kükürdiň 500 tonnasyny satyn aldy.

Türkmen işewür wekilleri Т50-500 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 500 tonnasyny 8,2 million manada satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň işewür toparlary elde dokalan türkmen halylaryny 38,8 müň manada satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi