DÜNÝÄ

Türkmenistan-Kamboja: ýokary derejeli saparlary amala aşyrmak maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow ýurduň Daşary işler we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Tuot Panhanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň arasynda ýokary derejeli saparlary amala aşyrylmagyň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Şol gün Türkmenistanyň Ilçisi bilen Kamboja Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň halkara gatnaşyklary, protokol we maglumatlar departamentiniň Baş direktory Wirak Promyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler. Şeýle hem taraplar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmagyň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar