BIZNES

Türkmenistan IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde sebitleýin maýa goýum gün tertibiniň esasy wakasy bolan IV Daşkent halkara maýa goýum forumy geçirildi. Bu forum halkara maýadarlary, hökümet wekilleri, maliýe guramalary we işewürlik dünýäsi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup durýar.

2025-nji ýyldaky forum taryhda ilkinji gezek bu derejede giň gerimli görnüşde geçirilýär. Halkara jemgyýetçiligine energetika, infrastruktura, oba hojalygy, peýdaly magdanlaryň çykarylyşy, sanly tehnologiýalar ýaly strategik pudaklardaky maýa goýum taslamalary hödürlenýär.

Forumda şu ýyl birnäçe döwlet ýolbaşçylary gatnaşýar: Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radev, Slowakiýanyň Premýer-ministri Robert Fiso, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adilbek Kasymaliýew, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew.

Şeýle hem iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary: Ýewropa Täzeleniş we ösüş bankynyň Prezidenti Odil Reno-Basso we beýlekiler gatnaşýarlar.

Bu ýylky forumda dünýäniň 100-e golaý ýurdunyň wekillerini öz içine alýan 8 müňden gowrak wekiliýet, şol sanda 3 müň töweregi daşary ýurtly myhman gatnaşýar. Bu bolsa Özbegistanyň maýa goýum üçin ynamdar we çalt ösýän ýurt hökmünde abraýynyň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Forumyň esasy aýratynlyklaryndan biri – Özbegistanyň senagat we maýa goýum mümkinçilikleriniň ilkinji milli sergisiniň geçirilmegidir. Bu sergide nebit-himiýa, maşyn gurluşygy, gurluşyk senagaty we azyk önümçiligi ýaly çalt ösýän 10-dan gowrak pudakdan 90 kompaniýa gatnaşýar. Sergi maýadarlara hyzmatdaşlyga taýýar taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Forum halkara derejede giňden şöhlelendirilýär – 31 ýurtdan 114 akkreditasiýaly žurnalist we media hünärmenleri gatnaşýar. Olaryň hatarynda “CNN” (ABŞ), “Euronews” (ÝB), “The Guardian” (Beýik Britaniýa), ZDF (Germaniýa), “Al Jazeera” (Katar), “Diplomat Magazine” (Niderlandlar), “EU Reporter” (Belgiýa), “Daily Times” (Pakistan) we “Doha News” (Katar) ýaly öňdebaryjy habar serişdeleri bar.

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler