JEMGYÝET

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde II Hazar ykdysady forumy geçirildi. Oňa Hazarýaka döwletleri bolan – Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammed Mohber, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleri bilen päsgelçilikleri aýyrmak bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

– 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde gol çekilen we güýje giren ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi has möhümdir. Şunuň bilen baglylykda ulag hyzmatdaşlygy babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini möhüm hasaplaýarys. Ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip, kommunikasuýa mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen täze ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek bolar – diýip, Türkmenistanyň wekiliýeti belläp geçdi.

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde ulag ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi, şonuň netijesinde Türkmenistanyň birnääçe halkara ulag geçelgeleriniň – Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar we TRASEKA ýaly geçelgeleriň döredilmegine işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

II Hazar ykdysayd forumyna Hazarýaka döwletleri bilen bir hatarda Belarusdan, Özbegistandan we Gyrgyz Respublikasyndan wekiliýetler gatnaşdy. Umuman, 1000-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri