JEMGYÝET

Türkmenistan Hazar sammitini hökman geçirer

“Merkezi Aziýa we Hazar sebiti döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolupdy we şeýle bolmagynda galýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Azerbaýjandaky, Eýrandaky, Gazagystandaky we Russiýadaky ilçilerine bu ýurtlaryň hökümetleri bilen Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriniň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek babatda özara gatnaşyklary güýçlendirmegi tabşyrdy.

Bu sammitiň şu ýyl belli sebäplere görä geçirilmändigini bellän hormatly Prezidentimiz ýagdaýlar mümkinçilik beren badyna Türkmenistanyň bu sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde, many-mazmuny baý görnüşde hökman geçirjekdigini belledi.

Milli Liderimiz bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamagy geljek döwürde ilçileriň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilipdi.

 

Geljek ýyl Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe döwletleriniň sammiti geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri