DÜNÝÄ

Geljek ýyl Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe döwletleriniň sammiti geçiriler

Şu gün ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz geljek ýylda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň arasynda ýokary derejede üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

Hazar deňzi we Gara deňiz zolaklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklaryň toplumlaýyn berkitmegi umumy maksat edinilýändigini bellän döwlet Baştutanymyz bu ugurda Türkmenistana, Azerbaýjana we Türkiýä esasy orun degişli bolup durýandygyny belledi.

 

13-nji dekabrda dynç alnar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary