JEMGYÝET

13-nji dekabrda dynç alnar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisinde Halkara Bitaraplyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakyndaky resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky dynç gününi 13-nji dekabra duşenbe gününe geçirmek bellenildi.

 

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik

Related posts

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Russiýada saparda bolýarlar

Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi

Ata Watan Eserleri