DÜNÝÄ

Türkmenistan halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň gözegçiligini kämilleşdirer

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew Hökümet mejlisinde awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurda ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan milli düzgünleri halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi