DÜNÝÄ

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 176-njy mejlisi geçirildi. Çäre halkara we ýörite sergileri guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin agza döwletleriň wekiliýetlerini ýygnady.

Sessiýanyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler we ýarmarkalar bölüminiň başlygy Kemal Amanow gatnaşdylar.

Sessiýanyň açylyşynyň dowamynda BIE-niň Dolandyryş we býujet komitetiniň, Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hukuk komitetiniň hem-de Maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlaryny öz içine alýan gün tertibi tassyklanyldy.

Dolandyryş we býujet komitetiniň Prezidenti Karen-Maýe Hill Türkmenistanyň Hökümetine aýratyn minnetdarlyk bildirip, 2025-nji ýylyň 17-19-njy martynda Aşgabat şäherinde BIE-niň Dolandyryş we býujet komitetiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derjesinde geçirilendigini belledi. Agzalan duşuşygyň ilkinji gezek Pariž şäheriniň daşynda geçirilendigini nazara alyp, çäräniň taryhy waka bolup durýandygyny nygtady.

Sessiýanyň çäginde meýilleşdirilýän halkara sergileri geçirmek babatynda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabatlar diňlenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti BIE-niň agza ýurtlarynyň wekilleri we ýolbaşçylary bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi.

Duşuşygyň ahyrynda BIE-niň Baş Assambleýasynyň indiki mejlisiniň geçirilmeli senesi tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi