DÜNÝÄ

Türkmenistan halkara abraýly wezipä saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze ösüşe, ilkinji nobatda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Bu senäniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemelidiris. 29-njy iýunda, ýagny şu çözgüdiň kabul edilen gününde milli Liderimiziň doglan gününiň bellenilendigini bellemek ýakymlydyr. 2020-nji ýyl bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylydyr.

Biziň ýurdumyz eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylýar. Mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalara gatnaşdy.

Ýurdumyza nobatdaky gezek şu wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, milli Liderimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik, köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesine daýanyp, däbe öwrülen gatnaşyklar häzirki döwürde öz çäklerini has-da giňeldýär.

BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki eýeleýän işjeň orny hem-de onuň sebit we dünýä möçberindäki meseleleri çözmekde ýardam bermek meýli bilen şertlendirilendir.

Bu ugur döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli syýasaty ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şol goldaw bolsa ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-de kabul edilen kararnamalarda öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Türkmenistan ençeme gezek bu guramanyň abraýly düzümleriniň hem-de ykdysady edaralarynyň düzümine saýlanyldy.

Şolaryň hatarynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi, BMG-niň ilat we ösüş boýunça komissiýasy, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosy, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy, BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasy, BMG-niň Ýokary Komissarynyň bosgunlaryň işleri boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň Maksatnamasy, BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşi we beýlekileri bar.

Bularyň ählisi Garaşsyz hem-de Bitarap döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin esasda yzygiderli ösdürýändigini tassyklaýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi. Şol maksatnama ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň gaýragoýulmasyz wezipelerine, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Bu resminama Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de ekologiýa deňagramlylygyny saklamak babatda özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ýardam etmäge gönükdirilendir.

Çarçuwaly maksatnamanyň esasy wezipesi bolan strategik wezipeleri hem-de ahyrky netijeleri Merkezi Aziýa babatda möhüm wezipelere laýyk gelýär, Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň umumy meselelerini çözmäge ýardam edýär, sebit hem-de sebitara edaralar bilen gatnaşyklaryň ilerledilmegine goldaw berýär. Şu meselelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär. Ozalky bäş ýyllyk Çarçuwaly maksatnamalaryň esasynda Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ýüzlerçesini durmuşa geçirdi.

Biziň ýurdumyz garaşsyzlyk ösüşinde ajaýyp netijeleri gazanyp we öz wagtynda görlen toplumlaýyn hem-de aýgytlaýjy öňüni alyş çäreleriniň netijesinde koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirinden sowlup geçmek bilen, oýlanyşykly ykdysady strategiýany durmuşa geçirýär.

Köp derejeli, durmuş ugurly milli ykdysadyýeti döretmek, kanunçylyk — hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de dünýäniň häzirkizaman hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak şol strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Şol başlangyçlar bolsa ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we köp şahaly ulag-üstaşyr düzümi döretmäge, suw we ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýär.

Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan ýüze çykýan meseleleri we gapma garşylyklary çözmekde medeni hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýedigini belleýär. Geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaşlyk etmeginde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny biragyzdan goldady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjy halkara syýasatynyň çylşyrymly döwründe örän wajypdyr. Şol döwürde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna garamazdan dünýäniň köp sebitlerinde çylşyrymly hem-de gapma garşylykly ýagdaýlar dowam edýär, ählumumy ösüşiň ýollary we geljegi babatda özara düşünişmek ýagdaýy pese gaçýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň garamagyna parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça birnäçe teklipleri işläp taýýarlar we öňe sürer, şeýle hem Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplygyň ýörelgelerini ulanmak boýunça kadalaryň toplumyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi hem-de parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplygyň dostlarynyň Toparyny döretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany alamatlandyrýar.

Şol bir wagtyň özünde munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bähbitlere hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerine laýyk gelýän köp ugurly diplomatiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy