DÜNÝÄ

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Germaniýanyň Federal daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň esasy mowzuklary energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygy meseleleri we beýlekiler boldy. «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň plenar sessiýasynda çykyş edip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary sebit ýurtlary bilen Germaniýanyň arasyndaky strategik gepleşikleriň berkidilmeginiň ähmiýetini belledi, şeýle hem duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin nemes tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň özara gatnaşyklarynyň yzygiderli we konstruktiw häsiýete eýedigi nygtaldy.

Şol bir wagtda, taraplaryň ägirt uly umumy mümkinçiliklerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmagyň zerurlygy bellenildi. Çykyşda sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde durnuklylygy hem-de çaklama mümkinçiligini saklamak maksady bilen, syýasy-diplomatik özara hereketleri çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Ykdysady bölümde Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Ulag we logistika, energetika, senagat önümçiligi, himiýa pudagy, maşyngaryş, lukmançylyk we derman senagaty, agrosenagat sektory, suw hojalygy toplumy, şeýle hem maglumat tehnologiýalary we emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Sebit ýurtlarynyň çäginde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat ediş we bilim merkezlerini döretmegiň geljegi ulydygy bellenildi. Howa baradaky gün tertibiniň çäginde Türkmenistan ekologiýa başlangyçlarynyň öňe sürülmeginde Germaniýanyň ornuna ýokary baha berdi we degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goşandyny belledi.

Şeýle hem hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ölçeginiň, şol sanda medeni, bilim, ylmy we sport gatnaşyklaryny ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, serişdeler bilen üpjünçilik we howa syýasaty ýaly birnäçe ugurlar boýunça GFR-niň möhüm hyzmatdaşlary bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça köptaraplaýyn özara hereketleriň giň gerimini öz içine alýan we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň ösmegine goşmaça itergi bermäge gönükdirilen ministrleriň Berlin jarnamasy kabul edildi.


Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Germaniýada geçiren duşuşyklary

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy