DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Üstümizdäki ýylda GDA başlyklyk edýän Gyrgyz Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Özbek neşirleriniň habayrna görä, bu duşuşyga Özbegistanyň daşary işler ministri Baht’ýor Saidow, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubavew, Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleý, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan, GDA-nyň baş sekretayr Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara gün tertibindäki möhüm meseleler we Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Ministrler Geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri barada karar berildi. 2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkekde bolar.

Duşuşykda GDA-nyň çäklerindäki medeni-ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ähmiýet berildi. Ilkinji gezke GDA-nyň çäklerinde sport paýtagty derejesi berildi. 2023-nji ýylda GDA-nyň sport paýtagty derejesine Belarusyň Minsk şäherine eýe boldy. 2024-nji ýylda bu dereje Ermenistanyň Gýumri şäherine geçer.
GDA agza ýurtlaryň şäherlerine Arkalaşygyň Sport paýtagty derejesini bermek Arkalaşygyň giňişliginde sport mümkinçiliklerini aç-açan açyp görkezmäge, ilaty bedenterbiýe we sporta çekmek, şäherleriň infrastrukturasyny gowulandyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge şert döreder.

Ýene-de okaň

Minsk şäherinde “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi

Türkmenistanyň we Kipriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Hytaýy Awazadaky foruma çagyrdy

Azerbaýjan Siriýa tebigy gaz iberer

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy