JEMGYÝET

Türkmenistan Gazagystan serhedine çenli awtomobil ýoluny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli günbatar welaýatynda birnäçe möhüm senagat desgalarynyň düýbüniň tutulyş hem-de açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Balkan welaýatynda umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy – Garabogaz täze, döwrebap awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Ol Balkan welaýatynyň kenarýaka etraby Türkmenbaşydan başlanýar, şol ýerde-de bu waka mynasybetli welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda giň baýramçylyk çäresi ýaýbaňlandyryldy.

Täze awtomobil ýolunyň gurluşygy «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň ýol gurluşykçylaryna ynanyldy.

Onuň hünärmenleri döwlet Baştutanynyň ýokary ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine we desgalary bellenilen möhletde gurjakdyklaryna ynandyrdylar.

Taslama görä, ol iki taraply, ini 21 metr bolar. Asfalt örtügi we beýleki tehniki-ulanyş häsiýetnamalar halkara ülňülerine laýyklykda dörediler.

Bu ýoldan bir gije-gündiziň dowamynda 500, bir ýylda bolsa 14000 awtomobile hyzmat eder. Bu döwrebap ýoluň ugrunda 8 sany awtobus duralgasy, awtoduralgalar, ýangyç guýujy beketler, şeýle hem durmuş maksatly binalar gurlar.

Awtomobil ýolunyň gurluşygy 2 tapgyrda meýilleşdirilýär: Türkmenbaşy – Garabogaz we Garabogaz – Serhetýaka (Gazagystan), bu ýerden ol goňşy ýerleşýän üçünji ýurtlara dostluk we doganlyk ýoluny açar.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi