Türkmen halky baş baýramyny — Garaşsyzlyk gününi belleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna 34 ýyl bolýar. Taryh üçin gaty bir uzak mütdet bolmadyk 34 ýylyň dowamynda ata Watanymyz ozal görlüp-eşidilmedik derejede uly ösüşleri gazandy.
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Soňra baýramçylyk dabaralary Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dowam etdirildi. Bu ýerde ilki bilen, dabaraly harby ýöriş geçirildi. Harby ýörişde döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwaty görkezildi.
Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardylar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. 2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Gurthatar we Yşgyn diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gelşikliniň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Soňra baýramçylyk görnüşinde bezelen, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary biri-biriniň yzyndan hereket etdiler. Dabaraly ýörişi ýurdumyzyň üstünlikleriniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň milli däplere, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy. Umumyhalk forumynda taryhy üstünlikleriň jemleri jemlenildi, geljek üçin maksatlar, wezipeler we ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlaryň möçberi artdy. Jemi içerki önümiň ösüşi döwletiň maýa goýum syýasaty bilen üpjün edilýär. Şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde maýa goýumlar özleşdiriler. Munuň özi milli ykdysadyýete maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleriň bardygyny tassyklaýar. Makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrmaga mümkinçilik berýär. Birnäçe ýyl bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim derejede saklanýar. Ol dünýäde ýokary görkezijidir. Jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2025-nji ýylda 71,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi köpugurly strategik maksatnamalaryň üstünlikli netijesidir.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda şanly sene mynasybetli täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, durmuş-medeni we senagat maksatly desgalaryň, şol sanda Döwletli mekan, Bagtly zamana obalarynyň, Bitaraplyk şäherçesiniň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň, paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän zawodyň, Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi döwletimiziň gurmak we döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Şeýle ajaýyp wakalar agzybirligimizi, jebisligimizi we gülläp ösüşimizi has-da berkitmäge ýardam edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly senesiniň gadyr-gymmatyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzda asudalygyň we durnuklylygyň höküm sürmegi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň ählisi saýlanyp alnan durmuş-ykdysady ugruň dogrudygynyň aýdyň güwäsidir. Içeri we daşary syýasatdaky üstünlikler, beýik başlangyçlar, tutumly özgertmeler halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallygyny has-da artdyrýar.