Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär.
Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär, şeýle hem şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Giň gerimli ynsanperwer gatnaşyklar birek-biregi goldamak, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly däpleri döwrebap derejede kämilleşdirýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň arasynda özboluşly köpriniň hyzmatyny ýerine ýetiripdir.
Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran, gadymy we orta asyr ýurtlaryň territorial araçäkleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy, arheologlar, gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda, orta asyr Horasanyň ýerlerinde ýerleşen Ariýa ýurdy baradaky taryhy maglumatlar, gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolup, sebitiň çäk ýerleriniň taryhyny öz içine alýar. Taryhy nukdaý nazardan seredenimizde, orta asyr Horasanyň sähraýy ýerlerinde ýerleşen, gadymy Ariýa ýurdy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar. Bu geografiki ýerleriň taryhyny ilkinji bolup görnükli gündogarşynaslar we arheologlar W. A. Žukowskiý, W. W. Bartold, A. Ý. Ýakubowskiý, W. M. Masson, I. N. Hlopin, Ý. Ý. Kuzmina, H. Ýusubow we Ö. Gündogdyýew tarapyndan öwrenilip, ylmy esasda beýan edildi.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, öz döwründe hünärmentçiligiň, söwdanyň, ylmyň we medeniýetiň ösen merkezleri bolan Lebap welaýatynyň çägindäki Amul galasynda, Mary welaýatynyň çägindäki Abdyllahan galasynda, Uly Gyzgalasynda, Dandanakan (Daşrabat) galasynda, Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda, Paryzdepede, Şähryslamda, Balkan welaýatyndaky Dehistan ýadygärlikler toplumynda, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç ýadygärlikler toplumyna degişli Kerwensaraýda we beýleki ýadygärliklerde giň möçberli arheologik gazuw-barlag işleri alnyp baryldy.
Paryzdepede geçirilen barlaglar bu ýerde ilkinji oturymly mekanyň Änew medeniýeti döwründe ýüze çykandygyny, irki demir asyry zamanynda bolsa onuň Günorta Türkmenistanyň Köpetdagyň etegi zolagyndaky iri ykdysady we medeni merkezleriň birine öwrülendigini görkezdi. Orta asyr Abiwerd galasynda geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň ösüş yzygiderliligini, ykdysady we medeni durmuşyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan maglumatlary berdi.
Arheologik gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykarylan seýrek duş gelýän, ylmy we medeni babatda örän gymmatly tapyndylaryň uly toplumy rejelenip, berkidilip muzeýleşdirildi. Häzir olar Diýarymyzyň merkezi we welaýatlardaky, şol sanda Arkadag şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gymmatlyklarynyň gaznalaryny has-da baýlaşdyrdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň örän baý milli medeni mirasyny, arheologik ýadygärliklerini dünýä tanatmak babatynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň ençeme görnüşi bilen bir hatarda Köne Merw, Nusaý galalary we Köneürgenjiň ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Ýadygärlikleri öwrenmegiň ylmy netijeleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlarda edilýän çykyşlaryň, türkmen we dünýä halklarynyň dillerinde neşir edilýän uly göwrümli monografiýalaryň, ylmy makalalaryň üsti bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine yzygiderli ýetirilýär.
Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde şöhratly taryhymyza buýsanç döretmek, geçmişden galan mirasymyz hakynda düşündirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem şöhratly taryhymyza we milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýan ajaýyp döwrümizde bu ugurdan möhüm işleri durmuşa geçirýäris. Esasan hem taryh sapagynda geçmişimizi ylmy esasda öwrenmegiň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.
Türkmen halkynyň taryhy örän baý we şöhratlydyr. Şonuň üçin hem bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenip, ýaş nesillerimize ýetirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi ýaşlaryň watansöýüji, il-güne wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerine oňat ýardam eder. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ogulgurban Çaryýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.
