SPORT

Türkmenistan FIFA-nyň täze sanawynda näçenji orunda?

FIFA futbol boýunça milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi. Täze sanawda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky orny üýtgemedi.

FIFA-nyň hünärmenleri türkemn futbolçylaryna 1107 utuk berdiler. Bu netije bilen olar 129-njy orunda galdylar. Biziň sanawdaky goňşularymyz bolsa Sudanyň we Litwanyň ýygyndylary.

Sanawyň başyny ýene-de Belgiýanyň ýygyndysy çekýär. Dünýäniň häzirki çempiony Fransuzlar ikinji, Braziliýanyň ýygyndysy bolsa üçünji orunda. Ilkinji bäşlige Angliýanyň we Portugaliýanyň ýygyndylary hem girdi. Ozal ýedinjilikdäki Ispaniýa bu gezek altynjy orna çykyp, Urugwaý bilen ýerini çalyşdy. Şeýle üýtgeşme Argentina bilen Horwatiýanyň ýygyndylarynyň arasynda hem boldy. Sanawyň ilkinji onlugyny Kolumbiýanyň ýygyndysy jemleýär.

Dünýä çempionaty ― 2022-däki bäsdeşlerimizden Koreýa Respublikasy 38-nji, Liwan 91-nji, KHDR 115-nji, Şri-Lanka bolsa 206-njy orunda.

Sanaw indiki gezek 26-njy noýabrda täzelener.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Durant NBA taryhyndaky iň köp hak alýan basketbolçy bolar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalyga saýlandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi