JEMGYÝET

Türkmenistan-Eýran-IRU: özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyna we sergisine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz sergi diwarlygy bilen işjeň gatnaşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Gümrük gullugynyň sergi diwarlarynda ýurdumyzda gümrük edaralarynda döredilýän häzirki zaman döwrebap şertler, gümrük amallarynda sanly ulgamynyň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy, serhetýaka gümrük nokatlarynda işleriň guralyşy we üstaşyr ulag geçirijiligi ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri beýan edýän şekilli görnüşleri bilen sergä gatnaşyjylar giňden tanyşdyryldy. Sergide Türkmenistanyň gümrük edaralaryna ornaşdyrylan döwrebap sanly ulgamlaryň ähmiýetini beýan edýän şekilli görnüşleri bilen giňişleýin çykyşlar gurnaldy.

Halkara çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük administrasiýasynyň (IRIСА) we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) arasynda halkara ulag daşamalar ulgamy arkaly ulag we üstaşyr howpsuzlygyny artdyrmak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi