DÜNÝÄ

Türkmenistan Eýran bilen gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Türkmenistan uzakmöhletin esasda Eýran Yslam Respublikasyna tebigy gaz ibermegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, Eýranyň üsti bilen beýleki döwletlere “swop” arkaly tebigy gazy ibermegi göz öňünde tutýar.

Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisinde bellenilip geçildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, eýran tarapyna bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd başlyklyk etdi.

“Irna” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Eýran bilen tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarldygyny belledi.

– Biz Eýrana tebigy gaz eksportuny uzakmöhletleýin esasda amala aşyrmagy meýilleşdirýäris. Şeýle hem biziň meýilnamalarymyzyň ýene-de biri Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara tebigy gazyň üstaşyr iberilmegini gazanmakdyr – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna üns çekilip, soňky 15 ýylyň dowamynda nebithimiýa pudagynda hem oňat hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy we bu ugurda tejribeleriň alşylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Bu ugurda Türkmenistanyň Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly döwletleriň kompaniýalary bilen iş alyp barýandygy, Eýranyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkindigi aýdyldy.

Ýene-de okaň

Aşa yssy sebäpli Fransiýada 1300-den gowrak mekdep ýapylýar

Rekord derejede yssy howa

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasy Awazada açylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna gatnaşýar

Pakistanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy