DÜNÝÄ

Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar

Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy (EHY) döwrebaplaşdyrmak boýunça wideomaslahatlar görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri gatnaşýarlar.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň agzalary bolan ähli döwletler eýýäm Şertnamany täzelemek barada öz tekliplerini hödürlediler. Taraplar Energetika Hartiýasynyň Konferensiasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky iş Toparynyň häzirki — hasap boýunça ikinji mejlisinde bu resminamanyň taslamasynyň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler.

Energetika ulgamynda maýa goýumlaryny goramak esasy mowzuklaryň biridir. Geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda meseleleriň giň tertibine, şol sanda halkara maýa goýum düzgünini kemala getirmekdäki orny, täze üstaşyr serhet energetika ulgamyna maýa goýmagyň aýratynlyklary, ýurtlaryň we energetika taslamalaryna beýleki gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk we telekeçilik ugurlary Energetika Hartiýasyna Ylalaşygynyň tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, energiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda EHY-ny dünýäniň energetika ulgamyna ornaşdyrmagyň häzirki zaman talaplaryna uýgunlaşdyrmagyň, oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin hökmany bolan hem-de maýa goýumlary we energiýa serişdeleriniň söwdasy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýän bitewi kadalary işläp taýýarlamagyň wajypdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Häzirki wagtda energetika howpsuzlygy döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň möhüm ähmiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny birleşdirýän EHY häzirki wagtda ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup durýar. Ol çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek, şol sanda döwletara gaz geçirijileri we elektrik geçiriji ulgamlar bilen baglanyşykly hukuk meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Iri halkara taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlan Türkmenistan üçin bu meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar