Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberlerini azaltmak boýunça, hususan-da, Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşýär.
Bellenilişi ýaly, dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň Taraplarynyň Glazgo şäherinde geçirilen 26-njy mejlisiniň barşynda öňe süren tekliplerini goldaýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek ugrunda anyk çäreler görülýär. Muňa Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň tassyklanylmagy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin klimat tehnologiýalary boýunça Sebit merkezini açmagyň meýilleşdirilmegi hem şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikde işläp taýýarlan ýokarda agzalan Ýol kartasynyň taslamasynda degişli çäreler toplumy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda Bütindünýä metan borçnamasy (BMB) barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, halkara düzümleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny we “tegelek stollary” geçirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen metan zyňyndylaryny azaltmak babatynda synag taslamalaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler hödürlenildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri üçin Bütindünýä metan borçnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezlerinde we kompaniýalarynda iş tejribeliklerini guramak teklip edilýär.
Mundan başga-da, Metan zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky halkara obserwatoriýasy (IMEO), BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde ylmy barlaglaryny, şeýle hem degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça teklipler beýan edildi.
