DÜNÝÄ

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebitleýin direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, olaryň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak, energetika, ulag we arabaglanyşyk ulgamlary aýratyn orun eýeleýär.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýa sebitindäki suw meselelerini çözmek boýunça özüniň üç ýörelgä esaslanýan resmi garaýyşlaryny mälim etdi: birinjiden, halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, ikinjiden, sebitiň ähli döwletleriň bähbitleriniň nazara alynmagy hem-de üçünjiden, bu işlere halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň gatnaşmagy.

Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynda gidrotehniki hem-de suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň ýokary tehnologiki, ekologiýa, tehniki we beýleki halkara ülňüleriniň berk berjaý edilmeginde amala aşyrylmalydygy aýratyn bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar ulag we arabaglanyşyk, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär