DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-niň suw boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 22-24-nji martynda BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda “Durnukly ösüş üçin suw: 2018-2028-nji ýyllar” halkara hereket onýyllygynyň maksatlaryna giňişleýin syn bermek boýunça BMG-niň maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, bu halkara maslahata 7 döwlet we hökümet baştutany, wise-prezidentler, wise-premýerler we suw meseleleri boýunça jogapkär 70-den gowrak ministr gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edip, global suw kynçylygyny ýeňip geçmek üçin aşakdaky dört ugurda bilelikdäki tagallalary birleşdirmegi teklip etdi:

  • suwa adalatly elýeterlilik;
  • suw dolandyryşyna maýa goýumlary;
  • suw baýlyklaryny tygşytly sarp etmek;
  • howanyň üýtgemegine garşy göreş.

Maslahatyň işine  Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmen wekiliýeti foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň suw meselesindäki esasy ugurlaryny we bu ugurda ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm taraplaryny beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň suw meselesine bolan çemeleşmesinde suwuň ähli adamzadyň umumy emlägidigi we arassa agyz suwuna deň we adalatly elýeterliligiň her bir adamyň esasy hukugydygy ýörelgesinden gelip çykýandygy bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň ýüze çykýan sebitdäki suw we energiýa meseleleriniň üç ýörelge esasynda çözülmeginiň tarapdarydygy nygtaldy:

  • birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda;
  • ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen;
  • üçünjiden, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagy bilen.

Suw diplomatiýasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini belläp, türkmen wekiliýeeti suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Bu ugurda Türkmenistanyň, hususan-da BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek, BMG-niň Aral deňiz basseýni üçin ýörite maksatnamasyny döretmek we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi tehnologiýalary üçin sebit merkezini döretmek ýaly başlangyçlary öňe sürendigi bellenilýär.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi