DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG bilen hyzmatdaşlygyň aşakdaky ugurlaryna aýratyn üns berdi.

Ilki bilen, diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikinjiden, duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzüm birlikleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralarynyň ýerleşmeklerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Üçünjiden, taraplar BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişine seredip geçdiler. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar FAO bilen bilelikdäki maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlary we beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olary geçirmek barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk