DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili H.Fridrih Şodder, Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýewropa sebiti boýunça wekili A.Muhidow, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko we BMG-nyň UNDP, UNODC, UNFPA, UNICEF, BSGG, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkezi ýaly Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň çägindäki köp sanly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

R.Meredow öz çykyşynda BMG we onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygyň biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrydygyny nygtady we Türkmenistanyň Hökümetiniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, durnukly ulagy ösdürmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we beýleki birnäçe ugurlarda Gurama bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga bolan çemeleşmesini beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-nyň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň arasynda durnukly ösüş, sanlylaşdyrma, durnukly ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem parnik gazynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak meseleleri, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak, ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklary, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk şahslar bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, milli medeni mirasy goramak, şol sanda adamzadyň maddy däl medeni mirasy, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäni ulanmak we durmuşa geçirmek, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek we bitewi saglyk başlangyçlary barada pikir alyşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, guramanyň we gurluşlarynyň Türkmenistandaky wekilçiligini ýokarlandyrmaga taýýardyklary mälim edildi. Bu ugurda bellenen mowzuklar boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

BMG-nyň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler, türkmen tarapynyň täze gatnaşyk usullaryny gözlemek baradaky tekliplerini goldadylar we bu ugurda pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.

Şeýle hem mejlisde nobatdaky duşuşyklaryň we bilelikdäki meýilleşdirilen çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar BMG-nyň Türkmenistanda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýöriteleşdirilen maksatnamalarynyň işini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy