DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-ä «Dialog — parahatçylygyň kepili» Kararnamasynyň taýýarlanylmagyny teklip edýär

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasy geçirilýär. Oňa gurama agza döwletleriň ählisinden ýokary derejeli wekiliýet gatnaşýar.

Türkmenistan döwletimiz hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryna işjeň gatnaşýar. Üstümizdäki ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy geçiriler. Bu sessiýa üçin Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Şu ýylky BMG-niň Baş Assambelýasynyň 77-nji sessiýasy Türkmenistanyň BMG-ä agza bolmagynyň 30 ýyllyk ýubileý senesine gabat gelmegi bilen hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen habarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş eder.

Türkmenistan berk we uzak möhletleýin parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegi we gorap saklamagy häzirki zaman halkara syýasatynyň esasy meselesi hökmünde kesgitleýär.

Bu nukdaýnazardan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» diýip yglan etmek baradaky kabul eden Kararnamasynyň ähmiýetini belläp, ýokardaky resminamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýanyň garamagyna 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.

Şeýle hem Şeýle hem, Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş boýunça hemişelik Forumy döretmek üçin ozal yglan edilen başlangyjyny täzeden hödürlär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti halkara gatnaşyklarynda ynamly dialog pelsepesini öňe sürmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Kararnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegi başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Eýranyň täze paýtagty: söwda üçin täze başlangyç bolar

Ozalky Prezident Jimmi Karter üçin duýgudaşlyk bildirildi

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammiti Özbegistanda geçiriler

Saud ösüş gaznasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Indoneziýa BRIKS-iň doly hukukly agzasy boldy

Belarus Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy