SPORT

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda sport hyzmatdaşlygy

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklar barha ösdürilýär. Türkiýäniň Milli Olimpiýa komitetiniň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Myradow Türkiýe Respublikasynda saparda boldy. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Myradow bilen Türkiýäniň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Neşe Gündoganyň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi. Bu resminama iki ýurduň arasyndaky sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de türgenleriň goldanylmagyna uly ýardam eder.

Ylalaşyga laýyklykda iki ýurduň türgenleri we tälimçileriniň arasynda maglumat alyp-bermek, hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak, sport bilermenleriniň arasynda dürli seminarlary gurnamak, bilelikdäki taýýarlyk çärelerini geçirmek, sport usulyýeti, türgenleriň saglygyny goramak, türgenleriň iýmiti we şuňa meňzeş ugurlarda tejribe alyşmak, milli sport federasiýalarynyň eminleriniň halkara şahadatnamalaryny almagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin seminarlar gurnamak babatda hyzmatdaşlyk ediler.

Türkmen wekiliýeti gol çekilen ylalaşykdan soňra Türkiýäniň Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy we Halkara Olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary Prof.Dr. Ugur Erdener bilen duşuşdy. Bu duşuşykda hem Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine degişli ugurlarda pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri