DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Tailandyň Migrasiýa gullugynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Ilçisi M.Maşalow bilen Tailandyň Migrasiýa býurosynyň Komissary, polisiýanyň general-leýtenanty Panumas Bunýalangyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Tailand tarapy Ilçini täze wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlykda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylma tassyklanyldy.

Türkmen tarapy migrasiýa ulgamynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Hususan-da, bikanun migrasiýanyň öňüni almak, degişli düzgün bozulmalara garşy göreşmek, şeýle hem halkara kadalara laýyklykda goraga mätäç adamlara amatly şertleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar