JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leone Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kamara Ali Badara tarapyndan gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynyň öňünden Ilçiler Türkmenistanyň we Sierra-Leoneniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oba hojalygy, geologiýa, maýa goýumlar ýaly ulgamlary bilen bir hatarda gatnaşyklaryň ileri tutulýan beýleki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň toplan tejribesiniň nazarda tutulmagy bilen lukmançylyk hyzmatlaryny bermek ulgamynda özarahereket etmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Kärdeşler iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Sierra Leone ýa-da resmi taýdan Sierra-Leone Respublikasy Günbatar Afrikada ýerleşýän ýurt. Göwher känleri taýdan örän baý ýurt.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi