Türkmenistan bilen Saud Arabystany söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud ýolbaşçylyk etdiler.

Söhbetdeşligiň başynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylary dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşuklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we çuňlaşdyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar. Bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de dünýä çygryndaky häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň kadalaşmagy boýunça iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlarynyň guralmagyna taraplaryň özara taýýarlyklary aýan edildi.

Gepleşikleriň çäklerinde diplomatlar söwda-ykdysady ulgamyndaky özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy, nebitgaz, gazhimiýa pudaklaryndaky, şonuň ýaly-da oba hojalygy, dokma we gurluşyk önümçiligi senagatlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň çäginde dürli senagat ähmiýetli desgalaryň gurluşygy ulgamynda geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi we giňeldilmegi hem söhbetdeşleriň ünsüni çeken aýratyyn mowzuk boldy.

Bu ugurda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň pudagara duşuşyklarynyň gaýtadan dikeldilmeginiň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy