JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Russiýanyň söwda dolanyşygy 58 göterim artdy

2024-nji ýylyň 7 aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58 göterim artdy. Bu barada Türkmenistanda saparda bolan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk belläp geçdi.

– Türkmenistan bilen Russiýanyň özara söwdasy okgunly ösüşe eýedir. 2024-nji ýylyň 7 aýynda söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58 göterim artdy. Özara söwdanyň möçberiniň okgunly depginini saklamak üçin Türkmenistan bilen Russiýanyň degişli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýanyň Hökümetiniň arasynda 2025-2027-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasy işlenip düzüldi – diýip, Alekseý Owerçuk Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde belläp geçdi.

Russiýanyň wise-premýeri 2025-nji ýylyň başynda hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýandygyny belläp, şonda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem-de geljek üçin meýilnamalara serediljekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler