BIZNES

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda elektrik energiýasy hyzmatdaşlygy

Ýurdumyzyň Energetika ministrliginde geçirilen onlaýn duşuşykda «Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň» taslamasyny taýýarlamak esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Gepleşikleriň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa bilen ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.

Elektroenergiýany üstaşyr geçirmek we eksport etmek babatda geljek üçin niýetlenip amala aşyrylýan we meýilleşdirilen taslamalaryň pudagyň serişde kuwwatyny göz öňünde tutup, iki döwletiň anyk özara hereket etmegi hem-de hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy üçin elekroenergetikada oňat mümkinçilikler bar.

Hususan-da, munuň özi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy, şeýle hem Merkezi Aziýanyň elektroenergetika ulgamyny baglaşdyrmak, 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň umumy elektroenergetika bazaryny döretmek boýunça taslamalara we beýlekilere degişlidir.

Related posts

Türkmenistan Daşkentdäki “Innoprom. Merkezi Aziýa” halkara senagat sergisine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider, Anayasa Anıtı’na ve Mahtumkulu Firaki Heykeline çelenk koydu

vepa

Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyk giňeldiler