DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Durmuş goraglylygy boýunça milli agentliginiň direktory Mansurbek Olloýarowyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu barada Özbegistanyň degişli agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

  • ýerlerde durmuş hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, ilatyň durmuş taýdan goraga mätäç toparlaryna hyzmat etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak;
  • kömege mätäç adamlar üçin kömek etmek hyzmatlarynyň ulgamyny ösdürmek;
  • maýyplaryň saglygyny dikeltmek işini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak;
  • durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini kämilleşdirmek we elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuş gorag pudagyny sanlaşdyrmak.

Özbegistanyň degişli agentliginiň direktory Türkmenistan tarapyny durmuş goraglylygy boýunça amala aşyrýan işleri öz ýerinde tanyşmak maksady bilen Özbegistana çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär