DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Owganystan elektrik geçirijisi boýunça şertnama baglanyşdy

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilçilikli topary Owganystanyň Kabul şäherinde elektrik energetikasy taslamalary boýunça gepleşikler geçirdi. Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Owgan kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, Owganystanyň günbatar böleginde ulanmaga berlen “Nur al-Jihad” podstansiýasynyň elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasy barada Türkmenistan bilen şertnama baglanyşyldy.

– Kabul şäherinde geçirilen 4 günlük gepleşiklerden soňra “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň resmi wekilleri, Türkmenistanyň wekiliýeti hem-de “Çalık Enerji” türk kompaniýasynyň arasynda şertnama baglanyşyldy. Bu şertnama laýyklykda, “Nur-al-Jihad” podstansiýasynyň elektrik üpjünçiligini 110 kW-dan 220 kW-a çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär. Taslama goşa zynjyrly elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygyny öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekilçilikli topary Türkmenistan-Owganistan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi we beýleki elektrik taslamalarynyň hukuk we tehniki taraplaryny ara alnyp maslahatlaşmak üçin Owganystanda gepleşikler geçirdi.

 

Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymy getirildi

 

 

Ýene-de okaň

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

III Merkezi Aziýaara parlament forumy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Özbegistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy