JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga berýän ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň ileri tutýan hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilelikdäki tagallalaryň netijeli birleşdirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezdi. Malaýziýanyň «PETRONAS» döwlet kompaniýasy bu ulgamda Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk, işewür gatnaşyklary ösdürmek, uzak möhletli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin köp sanly geljegi uly ugurlaryň bardygy bellenildi. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, önümçilige öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem oňyn şertler bar.

Sebit we ählumumy derejede wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda dünýä bileleşiginde uly ynjalyksyzlyk döredýän koronawirus pandemiýasy meselesi barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, bu howpa garşy üstünlikli göreşmegiň möhüm şerti hökmünde halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri